img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Okt

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Dö...

DOWAMY
pic
23 Okt

Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

​2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr...

DOWAMY
pic
23 Okt

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda her ýyl 24-nji oktýabrda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje giren gününiň hormatyna bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin h...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logis...

DOWAMY
pic
22 Okt

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Hemmeler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Ç...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, şeýle hem söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we beýleki ugurlard...

DOWAMY