TÜRKMEN-RUS STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADY BERKIDILÝÄR

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Şol resminamalaryň hatarynda:

– Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk;

– Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama;

– 2023-2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hereket etmek hakynda Teswirnama;

– Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Balyk tutmak boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy bilen Weterinariýa we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça Federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ösümlikleriň karantini boýunça maglumat ulgamlarynyň integrasiýasyna geçmek baradaky Teswirnama;

– Suw serişdelerinden peýdalanmak we ekologiýa meselelerinde türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy);

– «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;

– Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumynyň üsti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bilen dolduryldy.