img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, WELAÝAT, ETRAP, ŞÄHER HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY BOÝUNÇA SES BERMEK BAŞLANDY

photo

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary öz işine başlady.

Ir säher bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň çägindäki Türkmenistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýanynda döredilen 2-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.