HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe gör

photo

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär.

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guraldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde geçirilen köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we sagdynlyk medeniýetiniň, ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň möhüm bölegi hökmünde halkara sport we ekologik hereketiň ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.