PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökleriniň umumylygy bu gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup çykyş edýär.

Wezipä girişmek dabarasynyň çäklerinde Döwlet Baştutanymyz ýurduň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan nobatdaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogany gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli doganlyk döwletiň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şol gün Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Çankaýa” köşgünde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi agşamlyk naharyna gatnaşdy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde-de özara ynanyşmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, açyklyk hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatyny, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýar. Öz nobatynda, Türkmenistan hem Türkiýäniň halkara giňişlikde eýeleýän abraýly ornuna hormat goýýar.

Ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän türkmen-türk strategik hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artmagy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dürli taslamalara türk kompaniýalarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara topara ähmiýetli orun degişlidir. Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň işewürlik maslahatlaryna we pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, özara Medeniýet günleri yzygiderli esasda geçirilýär, sungat ussatlary iki ýurtda guralýan döredijilik çärelerine işjeň gatnaşýar. Bilim boýunça türkmen-türk geňeşiniň alyp barýan işi, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen hökümetara ylalaşyklar, ylym ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda-da ikitaraplaýyn gatnaşyklar giňeldilýär.