Türkmenistanyň we Russiýanyň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze köprüsi

photo

Paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäginde türkmen we rus uniwersitetleri hyzmatdaşlygyň täze köprülerini döretdiler.

Şeýlelik bilen, 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. 12-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi.

Mundan başga-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyga degişli resminama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Bu uniwersitetleriň wekilleriniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi bilim, ylym we innowasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir, bu hem Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşar.