TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde ozaldan gelýän ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Ýokary Hökümet derejesinde yzygiderli guralýan özara saparlar döwletara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ankarada ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyk hem iki doganlyk halkyň netijeli özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypany ýazar, toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşar.
Diplomat döwlet Baştutanymyzyň saparynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi we geçiriljek gepleşikleriň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi.