TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY KONSULLYGYNDA (ASTRAHAN Ş.) TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ILKINJI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY WE ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 3-nji ferwralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşyna we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Bu çärä konsullygyň işgärleri, Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy  adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de Astrahan oblastynda okaýan Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda Konsullygyň attaşesi Enegül Kakajanowa öz çykyşynda Türkmenistanyň ýaşlary üçin Watan goldawy hökmünde görkezme we gollanma hökmünde döwlet baştutanynyň ilkinji kitabynyň mazmunynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.

Şeýled-de Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy  adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew öz çykyşynda türkmen nusgawy şygryýetiniň ajaýyp wekili, akyldar, Gündogaryň beýik filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy barada durup geçdi  hem-de  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli  Astrahan oblastynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Çykyş edenler, Magtymgulynyň şu güne çenli ruhy paýhasyň tükeniksiz ammary, ahlak, watançylyk we ýaş nesil üçin deňi-taýy bolmadyk bilim mekdebi bolan eserleriniň dowamly ähmiýetini bellediler.

 Talyp ýaşlarynyň wekilleri hem Magtymguly Pyragynyň watançylyk goşgularyny  çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler.