TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY (ASTRAHAN ŞÄHERI) KONSULLYGYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

Şu gün  Türkmenistanyň  Russiýa  Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygynda «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Konsuly  Gadam  Ilamanowyň  çykyşy bilen açyldy.

 Çäräniň dowamynda Astrahan oblastynyň bilim ministri Mariýa Nikoloýewna Şalak  nusgawy edebiýatymyzyň  söz ussady  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygy mynasybetli  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilýeti bilen bilelikde geçirilen dabaralar hakynda täsirli çykyş etdi. Soňra Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar  ministriniň orunbasary Ilýa Wasilýewiç iki döwletiň dostlukly hyzmatdaşlygy hakynda giňişleýin beýan etdi. «Türkmenistan» atly türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahanyň sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň başlygy (diaspora) Fauziýa Kadyrowa,  Döwletmämmet Azady adyndaky  Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat  Hydyrow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy  Aýbölek Goçyýewa dagylaryň  Magtymguly  Pyragynyň  döredijiliginiň dünýä edebiýatynda ebedileşdirilişi hakyndaky çykyşlary täsirli boldy.  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölüminiň  baş hünärmeni Oguljahan Alamyşowanyň  türkmen edebiýatynda  akyldar şahyryň döredijiligine goýulýan sarpanyň belentligi   hakyndaky çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Russiýa  Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki Konsullygynynda  geçirilen dabara gatnaşanlar bu ýerdäki guralan sergini  uly gyzyklanma bilen synladylar.