«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ATLY ESSE BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNDAN GYMMAT BAHALY SOWGATLAR BILEN SYLAGLANDY

img
img
img
img
img
img
img
img

Şu gün  Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Astrahan oblastynyň Priwolžskaýa raýonynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň 8-nji we 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda  Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetl «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak bäsleşiginň jemi jemlendi. Mekdep okuwçylary bu bäsleşikde pikirlerini beýan edmek üçin beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini beýan edmek üçin köp okap taýýarlanandyklaryny görmek bolýar. Çünki okuwçylar ýazan essesinde  şahyryň şygyrlaryny has içgin öwrenip, döredijilikli çemeleşipdirler. Olar pähim-paýhasa ýugrulan setirlerden ylham alyp  ýazan esselerinde giňişleýin beýan etmegi başarypdyrlar. «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak boýunça bäsleşiginiň netijesi boýunça Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň 8-nji synp okuwçylarynyň arasynda Alina Satlykowa, 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda bolsa Sofiýa Plaşenkowa birinji ýeri gazanmagy başardylar. Esse ýazmak bäsleşiginde 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerlere mynasyp bolan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomy gowşuryldy.