Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynsybetli sergi guraldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 24-nji awgustda Astrahan flarmoniýasynda «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynsybetli sergi guraldy.

Sergide Magtymguly pyragynyň goşguly kitaplary şeýle-de Türkmen medeniýetini milliligini açyk görkezýän lybaslar, şaý-sepler, suratlar sergilendi. Konserda gatnaşyjylar sergä aýlanyp gördiler.  Sergide beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny ýaýbaňlandyrmakdaky wajyp orny bellenildi.