Astrahanda «Hazar möwsümleriniň-2024» atly halkara festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň gününe bagyşlanan konsert geçirildi

2024-nji ýylyň 17-31-nji awgusty aralygynda Astrahan şäherinde geçirilýän «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwalynyň çäklerinde 24-nji awgustda Türkmenistanyň gününe bagyşlanyp Astrahan flarmoniýasynda konsert geçirilendi. Konsertde Türkmenistanyň Halk arstisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary türkmen milli aýdymlary, sazlary bilen çykyş etdiler. Medeni çärä Astrahan olastynyň Daşary aragatnaşyklar we medeniýet ministrleri, Türkmen diaspoasry we Türkmen talyplary hem-de ýerili ilat gatnaşdylar. Konsert tomaşaçylarda Türkmen milli asýdym-saz sungaty barada ýakymly ýatlama galdyrdy.