ASTRAHANDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGY WE GARAŞSYZLYGYŇ 33 ÝYLLYGY MYNASYBETLI SPORTUŇ KIÇI –FUTBOLY GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 13-14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) gurnamygynda «Газпром добыча Астрахань» medeni-sport merkezinde Magtymguly Pyragynyň Doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sportuň kiçi- futboly görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige Astrahan we Stawropol sebitlerindäki hemişelik ýaşaýan Türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan Türkmenistanyň raýatlaryndan ybarat talyp ýaşlaryndan ybarat topar gatnaşdylar.

Sport ýaryşynyň başynda Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň türkmenleriň milli medeniýetiniň kemala gelmeginde aýratyn orny we  onuň gowy goňşuçylyk, agzybirlik, maşgala gymmatlyklarynyň beýikligi we ýetip bolmajaklygy, ruhy aň-bilim şygryýetiniň şu we beýleki köp taraplary geljekki türkmen şahyrana mekdebiniň esasyny düzendigi barada belläp geçdi.

Bu sport ýaryşyny guramagyň we geçirmegiň esasy maksady, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sporty ösdürmekdir.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen ýaryşyň netijelerinden soň ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy. Esasy oýun görgezen oýunçylar «Iň gowy oýunçy», «Iň gowy hüjümçi», «Iň gowy derwezeban» diýen atlar bilen sylaglandy.