ELISTA ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda KalmykiýaRespublikasynyň Elista şäherinde geçirilýän “Halklar asyrlar boýy” atly sebitleýin forumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli«Bakylygyň nyşanlary: Türkmenler bilen Kalmyklaryň arasyndaky dostlyk we doganlyk köprüsi» atly halkara maslahat geçirildi.

          Halkara maslahata Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsuly G.Ilamanow, Kalmykiýa Respublikasynyň Halk Huralynyň (Mejlisiniň) başlygy A.Mihaýlow, Kalmykiýa Respublikasynyň Başlygynyň geňeşçisi W.Salykow  şeýle-de belli alymlar, syýasatýasatçynaslar, professorlar, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy seljeriş merkezleriniň wekilleri hem-de B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmykiýa döwlet uniwersitetinde okaýan Türkmenistanly  talyplar gatnaşdylar.

Konsul öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijilik işleriniň  diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem türki dillerdäki edebiýatyň hem döremegine we ösmegine goşan goşandy barada belläp geçdi. Maslahatyň dowamynda belli alymlar, syýasatýasatçynaslar, ekologlar, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy seljeriş merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmen halkynyň milliligini, däp dessuryny açyp görkezýän türkmen milli lybaslary, şaý-sepleri şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we Magtymguly pragynyň kitaplary sergilendi.