ASTRAHANDAKY GENERAL-ADMIRAL F.M.APRAKSIN ADYNDAKY KASPIÝ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY INSTITUTYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN AÝDYM-SAZLY DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň  (Astrahan ş.) utgaşdyrmagynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary instituty bilen Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň bilelikde guramagynda institutda akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi.

Döredijilik agşamyna Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň  (Astrahan ş.)  Diplomatlary, Institutyň direktory, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň müdiri, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrligniň wekilleri şeýle-de institutyň talyplary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Astrahanda Magtymguly Pyragy adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiniň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi hem-de türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz eserlerinde açyp görkezen, döredijiliginde her bir ynsana ýakyn ruhy gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň çuňňur paýhasyna eýe bolandygy nygtaldy.

Döredijilik agşamynda mekdep okuwçylary we talyplar tarapyndan şahyryň goşgularynyň türkmen-rus dillerinde çeper okaýyşlary, aýdymlary we mekdebiň «Dostluk» tans toparynyň Türkmen milli «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi.