ASTRAHAN OBLASTYNYŇ N.K.KRUPSKIÝ ADYNDAKY YLMY KITAPHANASYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYLAN ŞYGRYÝET AGŞAMY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan oblasynyň N.K.Krupskiý adyndaky ylmy Kitaphanasynda Magtymguly pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi.
Bu çärä Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň Konsullygynyň diplomatlary, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, Kitaphananyň hünärmenleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okaýan Türkmenistanly talyplar, şeýle-de Astrahan Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary we Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşdylar.
Şygryýet agşamynda çykyş edenler Akyldar şahyryň ömri we döredijiligi, Türkmen we dünýä edebiýatyna goşan goşandy barada bellediler hem-de Şahyryň türkmen-rus dilindäki goşgylary çeper okaýyşlarda ýerine ýetirildi. Kitaphananyň Seýrek kitaplar we kitap ýadygärlikleri bölüminiň işgärleri Türkmenistan hakda özboluşly kitap neşirleriniň sergisini, şeýle hem kitaphananyň ýygyndysynda bar bolan türkmen dilinde edebi eserleri görkezdiler.