Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmany Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilýän günlerinde kabul edýändigine şatdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli geçirilýän bu serginiň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjek möhüm çäreleriň biridigini belläp, onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridir. Türkmen-türk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barlyp, onuň gerimi yzygiderli giňeldilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ugurly özara hereketleri has ýokary derejä çykarmaga, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant boljakdygyna ynam bildirildi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda söwda dolanyşygyny artdyrmaga, gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.