Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary depginli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerine we gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşine garadylar.
Hususan-da, «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ynam gaznasyny döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga» laýyklykda daşky gurşawy goramak, medeni mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak we desgalary dikeltmek babatynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň hasabyna zerur bolan serişdeleri geçirendigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky 2025-2027-nji ýyllar üçin Hereketleriň ýurt boýunça meýilnamasyny işläp düzmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.