Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi.
Teri Hakala duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigini, sebit boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz konstruktiw gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, ony Finlýandiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) boýunça ýörite wekili hökmünde bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýedir. Türkmenistan bu gurama bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär.
Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynda köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýär.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Teri Hakala ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.