Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garib-Abadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-eýran gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini tassykladylar.

Şeýle-de söhbetdeşler söwda-ykdysady, hususan-da, energetika we ulag pudaklaryndaky gatnaşyklaryň ösüşine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň  işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklaryň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler.