Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we türkmen diliniň güni mynasybetli Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde aýdym-sazly konsert geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we türkmen diliniň güni mynasybetli Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde aýdym-sazly konsert geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly gatnaşdy we Türkmenistanyň Bitaraplyk statusynyň ähmiýeti we ene diliň wajyplygy barada çykyş etdi.
Uniwersitetiň talyplary Türkmenistanyň baý medeni-mirasyny, däp-dessuryny aňladyjy türkmen milli aýdymlary we milli sazlary bilen çykyşlary gatnaşyjylara görkezdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda türkmen medeniýetini şekillendirýän sergi hem guraldy
Çäräniň çäklerinde Konsul uniwersitetiň rektory bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda bilim, medeni mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek baradaky meselelerara alyp maslahatlaşyldy.