General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp çäre geçirirldi
2025-nji ýylyň 5-nji martynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu çäre “Beýik Magtymguly Pyragynyň şygyryýet mirasynda zenan kalbynyň çuňlugy” diýip atlandyryldy we Halkara Zenanlar gününe bagyşlanyp geçirildi.
Talyplar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ylham alyp, şahyryň goşgularyny çeper okaýyşlary we aýdymlary bilen ýerine ýetirdiler. Çäräniň çäginde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreleri guramakda goşant goşan ýokary okuw jaýlaryň mugallymlaryna, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Konsullygynyň we Astrahan oblastynyň Gubernatorynyň atlaryndan hormat hatlar we gül desseler gowşuryldy.