Türkmenistanyň Konsuly Stawropoldaky Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň ýolbaşçylary we talyplary bilen duşuşyk geçirdi.

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Konsulynyň Stawropol şäherine amala aşyran iş saparyň dowamynda Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetine bardy. Saparyň dowamynda Konsul uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen ylym we bilim ugurlary boýunça mundan beýläk-de ösdürmek boýunça duşuşyk geçirdi. Şeýle-hem, duşuşygyň dowamynda bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň okuw şertleri bilen gyzyklandy we okuw şeraýatyny gowulandyrmak hem-de talyplara goldaw bermek ýaly meselelere garaldy.

Şol günüň dowamynda Konsul Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy. Konsul talyplaryň we uniwersitetiň arasyndaky ýüze çykan meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemekligiň wajypdygyny nygtady hem-de Russiýa Federasiýasynyň çäginde düzgün bozulmalaryna ýol berlen halatynda onuň getirip biljek netijeleri barada hem gürrüň berdi.