Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy boldy.
Bu orta mekdep okuwçylarynyň arasyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Konsuly, mugallymlar, mekdep okuwçylar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Bäsleşige mekdebiň 1-9 synp okuwçylary gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler öz işlerinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, halkyň arasynda dostluk we Bitaralyk barada ylham beriji temalaryndan peýdalandylar.
Çagalaryň surat çekmek boýunça bäsleşik Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky orta mekdebiniň okuwçylaryň arasynda hem geçirildi. Oňa gatnaşyjylar öz döredijilik işlerini hödürlemek bilen uly gyzyklanma bildirdiler. Orta mekdepleriň arasyndaky sylaglaýyş dabarasy iki ýurdyň gatnaşyjylarynyň arasyndaky täsirlikleri alyşmak, birek-biregi gutlamak we ýerine ýetiren işlerini paýlaşmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly gurnaldy. Bu format, bäsleşigi dostlygyň köprisi hökmünde we Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmeklik ähmiýetine üns çekdi.

Ýeňijiler hormat hatlar, ýadygärlik we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Aýratynlygy bilen saýlanan işlerine Türkmenistanyň Konsullygy tarapyndan ýörite baýraklar gowşuryldy.