W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde «Şahyrlaryň döredijiliginde Türkmen zenanyň keşbi» atly döredijilik agşamy geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde «Şahyrlaryň döredijiliginde Türkmen zenanyň keşbi» atly döredijilik agşamy geçirildi.

Döredijilik agşamynda türkmen zenanlaryň ähmiýetini we keşbini wasp ediji goşgulary, beýik akyldarlaryň we şahyrlaryň jümleleri beýan edildi. Çärä gatnaşyjylar edebi kompazisiýalary we aýdym-sazly döredijilikleri bilen çykyşlar etdiler. Bu döredijilik agşamyny guraýjylar, geçirilýän şeýle çäreler medeniýet ulgamyny açyp görkezmäge we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýandygyny bellediler.

Şeýle-hem şol gün, Konsul G.Ilamanow W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Talyplar bilen bolan söhbetdeşlik terbiýeçilik we watana bolan söýgi ruhunda geçirilip, Konsul kanunlaryň berjaý edilmeginiň möhümligi barada nygtady, hem talyplary uniwersitetiň medeniýet we sport durmuşyna işjeň gatnaşmaklyga çagyrdy.