Stawropol ülkesiniň Edelbay obasynda Türmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) we Edelbay obasynyň 14-nji orta mekdebiniň guramagynda Edelbay obasynda Türmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Blagodarnenskiý etrabyň häkimliginiň, medeni we bilim edaralarynyň wekilleri, Stawropol ülkesinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlaryndan ybarat talyplar gatnaşdylar.
Çäre Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmakdan başlanyldy. Soňra gatnaşyjylar edebi kompazisiýalar we aýdym-sazly döredijilikli çykyşlar bilen dowam etdirildi. Mundan başga-da çärä gatnaşan myhmanlara türkmeniň baý bolan desterhanyň başynda dürli tagamly naharlar hödürlenildi. Çäräniň soňy Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň talybynyň türkmen dilinde ýerine ýetiren aýdymy bilen tamamlandy.
Blagodarnenskiý etrap häkiminiň orunbasary Neşadimow Alekseý Mihaýlowiç, Häkimligiň bilim we ýaşlar syýasaty bölüminiň orunbasary Požarowa Ýelena Wasilýewna we Edelbaý obasynyň 14-nji orta mekdebiniň müdiri Mätiýewa Gülistan gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Bu dabaraly çärä işjeň gatnaşyjylar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) adyndan hormat hatlar, ýadygärlik baýraklar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.