Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Konsullykda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildi. Bu masalahata Konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary we Russiýa Federasiýasynda bilim alýan talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Konsul G.Ilamanow ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mähirli gutlap Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, 34 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyş etdi. Mundan başga-da, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy F.Kadyrowa, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň mugallymy R.Şajiýew, W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby G.Nepesowa çykyş etdiler we mekdebiň okuwçylary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny türkmen dilinde labyzly okadylar.

Maslahatyň çäklerinde Konsullygyň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýan Astrahan oblastynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde bilim alýan okuwçylara, talyplara we mugallymlara Konsullygyň adyndan Minnetdarlyk hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.