Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap aýdym-sazly medeni çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň wekilleri hem-de institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-hem, agzalýan çärä, Astrahan oblastynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, Garaşsyz Türkmenistanyň 34 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada gatnaşyjylara ýetirdi. Şeýle hem, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-rus gatnaşyklaryna syn berdi.
Çykyş tamamlanandan soňra, goşgularyň çeper okalşygynyň, türkmen halk aýdymlarynyň we dutar milli saz guralynda sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen çäre dowam etdirildi. Şeýle-de, çärede türkmen milli tansy “Küştdepdi” ýerine ýetirildi.
Geçirilen medeni çäräniň çäklerinde Konsul G.Ilamanow General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory O.Kartaşowa bilen bu ýokary okuw jaýynda bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary bolan 1-nji ýyl talyplar bilen terbiýeçilik wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Konsul talyplara Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty, olar üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berdi.