Astrahanda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) 2026-njy ýyl – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy—parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Bu çärä konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de Astrahan oblastynda okaýan Türkmenistanly talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişleri barada çykyş etdiler.
Şeýle-hem, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýändigini, bu eseriň ýaş nesiller, şol sanda geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem ylmy-edebi gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar.