Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Iki ýokary okuw mekdebiň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan özara gyzyklanmalary nazara alýan bu resminama, ylym ulgamynda utgaşdyrmany çuňlaşdyrmaga, onuň innowasion gazananlaryny bilim işinde ulanmaga hem-de medeni baglanyşyklary durnukly ösdürmäge gönükdirilendir.