img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Konsullygyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi. Bu masalahata diplomatlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy we işgärleri hem-de Astrahan oblastynda bilim alýan talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Konsullygyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işgärleri hem-de W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyşlar etdiler.