img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda  Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň bu möhüm halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

– Biz Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüňize ýokary baha berýäris hem-de Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garaýarys – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Prezident Wladimir Putin bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza salamyny beýan etdi.

Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn dialogyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer ulgam özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen mundan beýläk-de köpugurly, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.