Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, talyp ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Gutlagda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetini ösdürýär.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, täze taryhy eýýamda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Şeýle hem häzirki wagtda milli kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň maýynda we iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» hem-de «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetli wakalar bolandygyny bellediler. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamasynyň ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine uly goşant goşýandygyna üns çekdiler.
Forumyň dowamynda halkara hünärmenleriň we alymlaryň çykyşlary bilen bir hatarda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň — Adalatçynyň çykyşy diňlenildi. Onda adam hukuklarynyň kanunçylyk kepilliklerine hem-de milli tejribe bilen halkara ýörelgeleriň sazlaşygyna aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen forum döwletlilik, milli hukuk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek boýunça möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.