Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňizinde goňşuçylyk hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn orny” atly halkara wideokonferensiýa

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň çarçuwasynda Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňizinde goňşuçylyk hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn orny” atly tegelek stol görnüşinde halkara wideokonferensiýa geçirildi.

Geçirilen çärä 4 sany ýokary okuw jaýlary gatnaşdylar.

Türkmenistandan:

  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty,
  • Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan:

  • General-admiral F.M. Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglary Hazar intituty,
  • Astrahan döwlet tehniki uniwersiteti.

Tegelek stolyň maksady - Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen Astrahan oblastynyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda bilim ugrunda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekligi hem-de geljekki ýaş bilermenlere Halkara ulag geçelgelerinde Türkmenistanyň bitaraplygynyň oňaýly täsirlerini öwretmekligiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak.

Çäräniň başynda General-admiral F.M. Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglary Hazar intitutynyň direktory O.Kartaşowa Türkmenistanyň bitaraplyk statusynyň halkara derejesinde uly ähmiýetiniň bardygy we Hazar sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk ugrunda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti G.Berdimuhammedowyň alyp barýan syýasaty doly muny eýerýändigi barada belläp geçdi.

Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory, professor, biologiýa ylymlarynyň doktory A.Newalýonnyý öz gezeginde Türkmenistanda 2019-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyna uly hormat bilen gatnaşandygy we şol ýerde täze gurulyp ulanylmana berilen Türkmenbaşy Halkara portynyň möçberi Hazar sebitinde döwletara üstaşyr geçelgelerine hem-de logistik ulgamynda uly mümkinçilileriniň bardygy barada düşünendigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň günsaýyn ösmeginde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň çäksiz goldawyna sag bolsun sözlerini aýtdy.

Wideoaragatnaşykda taraplar özaralarynda tejribe alyşmak maksady bilen ýetip gelýän ýaş bilermenleriň bilim derejesini innawasion tehnologiýalar arkaly täze ýüze çykan mümkinçilikleri ulanmak arkaly ösdürmekligiň usullaryny ara alyp maslahatlaşylar.

Şol bir wagtda Astrahan oblastynyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary we professor mugallymlary Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyl ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine we türkmen halkyna uly üstünlikleri arzuw etdiler.