TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNYŇ DOWAMYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY HEMMETARAPLAÝYN BERKITMÄGE ÇAGYRDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 75-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlandy. Hepdeligiň dowamynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo-çykyşlary görkeziler. Şu gün, ilkinjileriň hatarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi.

Döwlet baştutany öz çykyşynda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny jikme-jik beýan etdi hem-de syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti koronawirus pandemiýasynyň zyýanyny ýeňip geçip bilmedik Ýer şarynyň köpsanly ýaşaýjylaryny ýitirmegimiz bilen bagly çuňňur gynanç sözlerini beýan etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda hem-de BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly bu howpa garşy göreşmek boýunça Türkmenistanda alnyp barlan çäreleriň üstünde durup geçdi.

Döwlet Baştutany pandemiýany gysga wagtda ýeňip geçmek üçin bütin dünýäniň ylmy-lukmançylyk jemgyýetçilikleriniň utgaşykly işlemekleriniň we tagallalaryny birleşdirmekleriniň zerurdygy barada belläp geçdi. Howply ýokanç keselleriň meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy diplomatiýanyň ugurlarynyň ulanylyşa girizilmeginiň wajyplygyny nygtady. Şeýle hem BSGG-niň howandarlygynda koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite Maksatnamasynyň hem-de ýiti keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça Usulyýet merkeziniň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi.