Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk guramalaryň we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň wideoýüzlenmesiniň dowamynda Forumyň gatnaşyjylaryna bu çäräni Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin ösüşine gönükdirilen gaýragoýulmasyz başlangyç hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalarynyň we strategiýalarynyň döredilmegi babatynda öz garaýyşlaryny beýan etdi hem-de «biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi diýip atlandyrýarys we şunuň bilen birlikde hem bu ýoluň ugrunda ýaşaýan halklaryň we onda ýereleşen döwletleriň arasyndaky özaragatnaşyklaryň özaboluşly häsiýetiniň taryhy dowamatyny aýratyn belleýäris» diýip nygtady. Bu formatyň Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça geoykdysady hereketlere ýardam etjekdigi bellenilip geçildi.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti  sebit hem-de halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliligi barada gürrüň edip, koreý kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagynda nebitgaz we nebithimiýa senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalalaryň ençemesini mysal getirdi. 

Bu Forumda ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklarynyň hatarynda koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan özgertmeler we demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi hem bardy. Bu ugurda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýändigini we dünýä ýurtlarynyň arasynda saglygy goraýyş hem-de ylmy barlaglar ugry boýunça özara hereketleriň pugtalandyrylmagy üçin ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň ulanylmagyna çagyrýandygyny nygtamak zerurdyr.