TÜRKMENISTAN GENDER DEŇLIGI MESELELERI WE AÝALLARYŇ HUKUKLARYNY WE MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ EDARASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy.

“BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, ol BMG-niň ulgamynyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri bilen meşgullanýan edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen 2010-njy ýylda döredildi. Bu düzüm gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça BMG-niň ulgamynyň işini utgaşdyryjy esasy edara hökmünde çykyş edýär.

“BMG-Zenanlaryň” Ýerine ýetiriji geňeşi esasy ýolbaşçylyk wezipeleri alyp barýar. Bu düzüm 51 agzadan ybarat bolup, olar  BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi tarapyndan 3 ýyl möhlet bilen saýlanylýar. 

Bu çözgüt ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşyna aýallary çekmek babatda Türkmenistanyň Hökümetiniň tagallalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmakda derwaýys milli resminamalaryň biri Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy bolup durýar.