TÜRKMENISTAN WE HHR STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi.

Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy.

Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şonuň ýaly-da ikitaraplaýyn gün tertibine hem-de sebit we halkara syýasatynyň derwaýys meselelerine seredildi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň türkmen böleginiň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine garaldy. Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada guralan şu saparynyň Türkmenistanyň we HHR-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen utgaşýandygy bellenildi.

Şu nukdaýnazardan, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky özara hereketlerini giňeltmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikirler alyşyldy.

Taraplar şeýle hem bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan energetika, ulag, ykdysadyýet, medeniýet we bilim ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem giňeldilmeginiň zerurlygy nygtaldy.