img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi

photo

18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.

Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzakmöhletleýin geljekde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy