MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY AÝLAG HYZMATDAŞLYK GEŇEŞI BILEN ÖZARAGATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGI MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretariýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýad şäherindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň Geňeşiň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we gepleşikler boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary Geňeş bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol sanda, taraplaryň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýurtlaryň arasynda maýa goýum, energetika, söwda-ykdysady, ylmy-medeni we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem seredilip geçildi.