img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

photo

2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.