GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞY

2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçisi A.Blohiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany N.Germanyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi A.Kuçkarowyň, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi W.Beskostynyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi F.Şarifzodanyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniweristetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlaryň dowamynda «Ömrümiň manysy» atly kitabyň many-mazmunynyň we ähmiýetiniň aýratynlyklary barada bellenilip, bu eseriň Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky möhüm wakalar hem-de ömrüni ata Watanyna we öz halkyna gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýändigi nygtaldy. Kitapda adam döräli bäri ýaradylyşyň gözbaşyna, dünýä tebigatyna, durmuşa akyl ýetirmek bilen baglynyşykly filosofiki pikirlere we garaýyşlara aýratyn orun berlendir.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy-filosofiki eseriniň rus diline terjime edilip neşir edilmegi, bu esere bildirilýän uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar we onuň bilen has hem giň okyjylar köpçüliginiň tanyşmagyna mümkinçilik berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň belent başynyň aman, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.