SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan şäheri) Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de Astrahan oblastynda oka...
Konsulyň Astrahan döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory we türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Konsul Gadam Ilamanowyň Astrahan döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň rektoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Poroýsk Sergeý Wiktorowiç bilen duşuşygy grçirildi. Duşuşykda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hünärmenleri taýýarlamak we talyplara bilim bermek boýunça tejribeleri paýlaşmak ýaly soraglary ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 350-den gowrak talyp bilim a...
Hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellediler. Şunlukda, Türkm...
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşe...
Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň ýurtlarymyz...
Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeş...
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk hakynda
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýrat...