TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi, iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we bu mübärek aýda ediljek doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti özara hormat goýmaga, d...
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Wekiliýetiň saparynyň esasy maksady Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmekden we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr. Duşuşyg...
General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp çäre geçirirldi
2025-nji ýylyň 5-nji martynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu çäre “Beýik Magtymguly Pyragynyň şygyryýet mirasynda zenan kalbynyň çuňlugy” diýip atlandyryldy we Halkara Zenanlar gününe bagyşlanyp geçirildi. Talyplar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ylham alyp, şahyryň goşgularyny çeper okaýyşlary we aýdymlary bilen ýer...
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw e...
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jenap Stipraýsy jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda Merkezi Aziý...
Ispaniýanyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bo...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
2025-nji ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Kataryň Emiri birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýda tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Bir...