TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Jumahonzoda ýolbaşçylyk etdiler. Bu çäräniň maksady, ilkinji nobatda, işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdan, iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň arasynda iler...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINIŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň mejlisler otagynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler ”atly mowzuk boýunça tegelek stol geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekili...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gatnaşyklar yzygiderli esasda geçirilýär. 2022-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem du...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA TÄÇ GEÝDIRMEK DABARASYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. Täç geýdirmek dabarasy Westminster ybadathanasynda geçdi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmagy dostluk, özara horma...
РУКОВОДИТЕЛИ КОНСУЛЬСКИХ УЧРЕЖДЕНИЙ В АСТРАХАНИ ПРИНЯЛИ УЧАСТИЕ ВО ВСТРЕЧЕ С РУКОВОДСТВОМ ОБЪЕДИНЕННОЙ СУДОСТРОИТЕЛЬНОЙ КОРПОРАЦИИ
Сегодня Консулы Туркменистана Голлиев Нуры, Исламской Республики Иран Акучекиан Мехди и Республики Казахстан Мадиев Ардак, приняли участие во встрече с Председателем Совета директоров Объединенной судостроительной корпорации Георгием Полтавченко, который находится в Астрахани с рабочим визитом. Во встрече также принял участие заместитель председателя Правительства Астраханской области Афанасьев Денис. Г.Полтавченко рассказал дипломатам о возможностях судостроительных предприятий Объединенной...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN MERKEZI AZIÝANYŇ PARAHATÇYLYK, YNAM WE HYZMATDAŞLYK ZOLAGY BOÝUNÇA ÇEKIŞMELERINIŇ KONSEPSIÝASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISNIIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÇAP EDILDI
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň 61-nji bendi hökmünde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy boýunça çekişmeleriniň konsepsiýasy Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde Guramanyň alty sany resmi dillerinde çap edildi. Çekişmeleri Baş Assambleýanyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky 76/299 belgili "Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy" rezolýusiýasyna laýyklykda 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-...