RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Apr

TÜRKMENISTANDA BELGIÝA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI WEZIPÄ BELLENILDI

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugurlary boýunça...

DOWAMY
pic
11 Apr

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI T.ATAÝEW MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T. Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda Ilçi Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Du...

DOWAMY
pic
10 Apr

GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI

Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...

DOWAMY
pic
10 Apr

BELGIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mişel Pitermans (oturýan ýeri Baku ş.) bilen duşuşdy. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmaklygyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barjak işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky syýasy-dip...

DOWAMY
pic
10 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň UNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
8 Apr

TÜRKMENISTAN 2024-2026-NJY ÝYLLAR ÜÇIN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ (ÝUNISEF) ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINE SAÝLANDY

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini ýerine ýetirdi. Häzirki w...

DOWAMY
pic
7 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe gör

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär. 2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport ç...

DOWAMY