TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, WELAÝAT, ETRAP, ŞÄHER HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY BOÝUNÇA SES BERMEK BAŞLANDY
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary öz işine başlady. Ir säher bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň çägindäki Türkmenistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýanynda döredilen 2-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.
ВСТРЕЧА В МИД ТУРКМЕНИСТАНА С ГЕНЕРАЛЬНЫМ СЕКРЕТАРЕМ СНГ
24 марта 2023 года Министр иностранных дел Рашид Мередов провёл переговоры с Генеральным секретарём Содружества Независимых Государств Сергеем Лебедевым, прибывшим в туркменскую столицу во главе Миссии наблюдателей от СНГ для участия в оценке выборов депутатов Меджлиса Туркменистана и членов местных представительных органов власти, которые состоятся 26 марта 2023 года. В рамках обсуждения организационных аспектов подготовки к выборам была выражена благодарность руководству Туркменистана за со...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar...
TÜRKMENISTANDA ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça işjeň ösdürilýän dostlukly we geljegi uly döwletara gatnaşyklar ulgamynda üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň d...
ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Eduardo Antonio Zuaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyşyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge ta...
ТУРКМЕНИСТАН НАПРАВИЛ ГУМАНИТАРНУЮ ПОМОЩЬ В УКРАИНУ
Руководствуясь принципами гуманизма и солидарности, исконными традициями добрососедства туркменского народа, 22 марта 2023 года детям украинского народа был направлен гуманитарный груз, предоставленный от имени Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова. Направленный в Украину гуманитарный груз состоит из лекарственных и медицинских средств, текстильных изделий и различной продовольственной продукции.
YSRAÝYLYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda ynanç hatlarynynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma b...