RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunç...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan şäheri) Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de Astrahan oblastynda oka...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Konsulyň Astrahan döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory we türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Konsul Gadam Ilamanowyň Astrahan döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň rektoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Poroýsk Sergeý Wiktorowiç bilen duşuşygy grçirildi. Duşuşykda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hünärmenleri taýýarlamak we talyplara bilim bermek boýunça tejribeleri paýlaşmak ýaly soraglary ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 350-den gowrak talyp bilim a...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellediler. Şunlukda, Türkm...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşe...

DOWAMY