img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Iýul

TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA DÄP BOLAN DOSTLUK WE ÖZARA GOLDAW BERMEK ÝÖRELGELERINE YGRARLYDYRLAR

2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine sapary başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu sapar Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýada – Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy maksady bilen guralandyr. 24-nji iýulda saparyň çäklerinde Tokioda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa...

DOWAMY
pic
22 Iýul

TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa, Tokio şäherine iş sapary başlandy. 23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Imperatora we tutuş Ýaponiýanyň halkyna mähi...

DOWAMY
pic
16 Iýul

“C5+1” FORMATYŇ ÇÄKLERINDE MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ WE ABŞ -NYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde “C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleri bi...

DOWAMY
pic
16 Iýul

DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

15-nji iýulda Daşkentde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad gatnaşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşygy geçirildi.  Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatl...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

15-nji iýulda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň meselelerine jikme-jik seredip geçdiler. Iki ýurduň köpugurly düzümleriň çäklerindäki başlangyçlaryn...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary babaty...

DOWAMY