SOŇKY HABARLAR
Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we g...
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türki dünýäsiniň 2025-nji ýyldaky medeni paýtagty bolan Aktauda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlis konstruktiw iş ýagdaýynda geçirilip, türki jemgyýetçiliginiň ýurtlarynyň medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini netijeli ara alyp maslahatlaşmaga...
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belle...
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň möhü...
Maýn boýundaky Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi. Çäräniň maksady Türkmenistan bilen Germaniýanyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmekden, şeýle hem gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekden ybarat boldy. Iki günlük foruma Germaniýanyň 50-den gowrak öňdebaryjy k...
Türkmen wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry – 13-nji noýabry aralygynda Samarkant şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisine Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Maslahatyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky...
Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerind...